15.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi. 

Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, işewür döwlet Baştutanymyzy Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparynyň jemleriniň üstünlikli bolmagy bilen gutlady. Bu sapar Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň, şeýle hem tutuş dünýä bileleşiginiň Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. 

Bu barada aýtmak bilen, Erol Tabanja “Polimeks” kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna we türkmen Lideriniň başyny başlan, durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam etjek iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we mähirli mözler üçin minnetdarlyk bildirip, açyklyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýan Türkmenistan dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip belledi. 

Türk kompaniýalary, hususan-da, “Polimeks” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysaly bolup biler. Bu kompaniýa eýýäm köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp, türkmen paýtagtynda we welaýatlarda giň gerimli şähergurluşyk taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. 

Duşuşygyň barşynda Erol Tabanja kompaniýa ynanylan desgalarda işleriň ýagdaýy barada habar berip, “Polimeksiň” Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini we şu maksatlar üçin öz mümkinçiliklerini doly ulanmaga taýýardygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, “Polimeksiň” ýolbaşçysyna ynanylan taslamalary amala aşyrmakda görkezýän jogapkärçilikli çemeleşmesi hem-de işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz potratçy kompaniýalaryň baglaşylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň bellenilen möhletlerini berk berjaý etmegi türkmen buýurjylarynyň esasy talaplarynyň biri bolup galýandygyny ýatlatdy. 

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy meýilleriniň we bezeginiň milli binagärligiň iň gowy däpleri bilen sazlaşykly utgaşmagy ähli täze binalaryň we desgalaryň keşbinde öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi. 

Erol Tabanja döwlet Baştutanymyzyň ähli bellikleriniň hökman nazara alynjakdygyny aýdyp, “Polimeks” kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

referans:www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Ýolagçylaryň Dykgatyna, Syýahat Düzgünlerinde Üýtgeşmeler!

Futzal Möwsümi Naýbaşy Kubogy Bilen Badalga Alar

Galtaşyksyz Töleg Tehnologiýasy

turkmenhabargullugy